TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Asylly ýörelgelere dowamat
Asylly ýörelgelere dowamat
27.08.2026 Çäk birleşmeler

Asylly ýörelgelere dowamat

Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli demokratiýanyň we halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ugurlardaky iň möhüm meseleleriň oňyn çözgütleriniň kabul edilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň orny aýratyn uludyr. Şanly wakalara, ykdysady hem-de jemgyýetçilik ösüşlerine beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata-babalarymyzyň ýörelgelerine hem-de ajap eýýamymyzyň asylly däbine eýerip, ählihalk geňeşini guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forum döwletimiziň uzak möhletleýin ösüşiniň geljekki tapgyrlaryny kesgitlemekde, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Şu günler 23-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek taryhy mejlise taýýarlyk görmek işleri ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerim aldy. Zähmetkeşler toparlary, jemgyýetçilik guramalary, ýaşulular hem-de ýaşlar, mahlasy, ähli halkymyz bu möhüm çärä özleriniň mynasyp zähmet sowgatlary, anyk teklipleri we döredijilikli başlangyçlary bilen barýarlar. Bu bolsa jemgyýetimiziň jebisliginiň, agzybirliginiň, il-ulsumyzyň döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan syýasatyna bolan ynamynyň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, yhlasly zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna we hormatly atlara hödürlemek boýunça işlere hem jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisi täze taryhy döwürde halkymyzyň rowaç geljege tarap uzaýan ýolunda möhüm ähmiýetli sene, taryhy waka bolar. Onda halkymyzyň bagtyýar geljegine, abadan ýaşaýşyna gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, geljekki wezipeleriň kesgitlenilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen bellenilmegi ildeşlerimizi belent sepgitlere ruhlandyrar. Munuň üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyzyň belent maksatlary myradyna gowuşsyn!

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni Ýazsoltan Aşyrowa.

Degişli Habarlar