TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Aýdym-sazly baýramçylyk çäresi
Aýdym-sazly baýramçylyk çäresi
15.09.2026 Çäk birleşmeler

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresi

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň mukaddes  Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Beýik bir döwlete öwrüldi Diýar, Türkmenistan ajap, ýurdum berkarar!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabaramyza Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat Halk maslahatynyň agzalary, önümçiligiň öňdebaryjylary, dürli pudaklarynda zähmet çekýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň ýolbaşçylary, işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

        Pursatdan peýdalanyp siziň ähliňizi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes  Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

Mary şäher söwda, alyjylar jemgyýetleri

we telekeçilik ulgamynyň kärdeşler

arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň

  Geňeşiniň başlygy, TZB-niň welaýat bölüminiň kätibi

  Bibihatyja Hatamowa

Degişli Habarlar