TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Baýdak galdyrmak dabarasy
Baýdak galdyrmak dabarasy
30.09.2026 Çäk birleşmeler

Baýdak galdyrmak dabarasy

Şu günler güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramy aýratyn şatlyk-şowhun, dabara bilen ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. 

Ýekşenbe güni Mary şäheriniň merkezindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada buýsançly pasyrdaýan baýdaklar uly toýuň dabarasyny äşgär edýär. Şanly sene mynasybetli bu ýere welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, syýasy partiýalaryň welaýat komitetleriniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň ýaşaýjylary ýygnandylar.

Dabaraly pursat ýetip gelýär. Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren Döwlet Senasynyň buýsançly owazy astynda Döwlet baýdagy galdyrylýar. 

Soňra çykyş edenler dabara gatnaşýanlary Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda durup geçdiler.

Baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary bilen dowam etdi.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow.

Degişli Habarlar