TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / BEDEW BATLY BAGTA BARÝAR
BEDEW BATLY BAGTA BARÝAR
02.10.2026 Çäk birleşmeler

BEDEW BATLY BAGTA BARÝAR

Bedew batly mertebeli menzillere barýan ösüşli, özgerişli ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Güneşli Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýuny uludan toýlady. Bu baýramyň şanyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylykly harby ýöriş geçirildi. Halkymyzyň özygtyýarlygynyň aýdyň beýany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ýokary derejede geçirildi. Egsilmez joşguna beslenen bu baýram kalplara şatlyk paýlady.

Halkymyz häzirki döwürde baky bagtyýarlygyň, bolelinligiň saýasynda ýaşaýar, döredýär, gurýar. Elbetde, Garaşsyzlyk — erkana ýaşaýşyň, ruhubelentligiň, döredijilikli zähmetiň we ajaýyp ösüşleriň kepilidir. Munuň şeýledigine eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, eşretli ertiriniň, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen asylly, ynsanperwer ýörelgeleri aýdyň şaýatlyk edýär. Çünki, döwletimiz öz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra jemgyýetçilik aň-düşünjesini kemala getirmegiň ýolunda wajyp menzilleri geçdi. Şu ugurda edilen işleriň iň möhümi şol ýyllarda dikeldilen we häzirki döwürde ösdürilýän ruhy gymmatlyklarymyz we däp-dessurlarymyz bolup durýar. Biziň ata-babalarymyz öz geljekki nesillerine baý medeni mirasy goýup gitdiler. Ol miras bolsa biz — bagtyýar nesilleriň şu günki bagtyýar ýaşaýşydyr.

Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere, täze-täze ýeňişlere, halkymyzy has-da eşretli ertire sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň 

pudagara utgaşdyryjysy Bibihatyja Hatamowa.

Degişli Habarlar