TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Bedew batly Diýarym.
Bedew batly Diýarym.
23.09.2026 Çäk birleşmeler

Bedew batly Diýarym.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi Garaşsyzlygymyzyň mukaddesligine, Bitaraplygymyzyň bagtyýardygyna  düşünmek gerek. Çünki, bedew batly ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha belende göterilýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly toýuna mynasyp sowgatly barmak üçin has-da yhlasly işlemäge borçly edýär. Ýakynda şu mynasybetli baýramçylyk dabarasy Mary şäheriniň Bagt köşgi binasynda “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly çäre geçirildi. Bu çärä etrap häkimliginiň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrap birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, we kärdeşler arkalaşyklarynyň işewwir agzalarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Garaşsyz Bitarap Döwle-timiziň ösüşi, halkymyzyň abadançylygy ylym bilen hem berk baglydyr. Sazlaşykly ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ata Watanymyz dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýar. Üstümizdäki ýylda ata Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň abraý-mertebe, her bir türkmen ojagyna, saglyk, rysgal-bereket arzuw edilen çykyşlar buýsançlara beslendi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar geljege ýetiren ýurdumyzyň abraýyny arşa göteren Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

     

TKA-nyň Mary etrap birleşmesiniň hünärmeni

Gadam Baýramow.

Degişli Habarlar