TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Beýik ösüşlere barýan ýyllar
Beýik ösüşlere barýan ýyllar
27.08.2026 Çäk birleşmeler

Beýik ösüşlere barýan ýyllar

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eşretli ertirimiziň binýadyny berkden tutýar. Ajap eýýamyna guwanyp, ýokary ruhubelentlikde döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle ýörelgäniň bady “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda has-da batlanýar.

Toýlary toýlara ulaşýan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalaram ýerine düşýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Şanly ýylymyzyň ýeňişli menzilleri türkmen ilini taryhy wakalara — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Toý-baýrama sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän halkymyz döwlet Baştutanymyzyň saýasynda uly toýa mynasyp zähmet sowgatly barýar.

Welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Wekilbazar söwda bazasynyň hünärmeni,

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Mahym Mürrükowa.

Degişli Habarlar