Golaýda Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde welaýatyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, şeýle-de bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde bilim ulgamy bilen baglanyşykly guralan sergi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary Çemen Akyýewa çykyş etdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapar Durdyýew, welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Atageldi Annaseýidow, Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň müdiri, “Iň göreldeli mekdep müdiri” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Baş baýraga mynasyp bolan Jahan Saparmyradowa, Mary etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, “Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Baş baýraga mynasyp bolan Sähragül Akmämmedowa, Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýgözel Öwezekowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler dogrusynda durup geçdiler, toplan baý iş tejribelerini paýlaşdylar. Bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýat birleşmesiniň kätibi Gülşat Atajanowa