TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Dabaraly maslahat geçirildi
Dabaraly maslahat geçirildi
27.08.2026 Çäk birleşmeler

Dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri – ygtybarly ösüş ýoly» atly maslahatda TY we BIKA –nyň Mary şäherindäki IGB-nyň Geňeşiniň başlygy Öwezmyrat Kakabaýew, TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni Täzegül Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa dagy çykyş etdiler.

Çykyşlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtyýar durmuşy, Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, beýik ösüşleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Şeýle hem her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen umumymilli foruma welaýatymyzda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi, onuň döwletimiziň uzak möhletleýin ösüşiniň geljekki tapgyrlaryny kesgitlemek, halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny ýokarlandyrmak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, Watanymyzyň geljeginiň şu günden gurulmagyny gazanmak babatda aýratyn orna eýedigi barada buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň dowamynda döwletimizi ösüşleriň beýik ýoly bilen belentliklere sary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri, Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň ilkinji  guramalarynyň başlyklarynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy

Oguldursun Kamarowa

Degişli Habarlar