TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Daýhana arka bar — zähmete sarpa
Daýhana arka bar — zähmete sarpa
27.08.2026 Çäk birleşmeler

Daýhana arka bar — zähmete sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba senagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, daýhan hojalyklarynyň, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Döwlet tarapyndan oba hojalyk pudagyna ünsüň güýçlendirilmegi oba zähmetkeşlerini ak bugdaýdyr, «ak altyndan» we gaýry ekinlerden ýokary hasyl almaga, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, oňat netijeleri gazanmaga, rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzy has-da gülletmäge ruhlandyrýar. Daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde azyk bolçulygy ösdürilýär, saçaklarymyz dürli ir-iýmişler, naz-nygmatlar bilen bezelýär.

Welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary yhlasly zähmeti bilen geçen ýyllarda bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem zähmet üstünlikleri bilen jemlemegi maksat edinýärler. Kärendeçi daýhanlar galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirip, ýetişdirilen hasyly wagtynda, ýitgisiz ýygnap, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu günler bolsa ýerlerde sürüm işlerini geçirmek bilen birlikde gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda aladalanylýar.

Umuman, oba hojalygynda işler utgaşykly alnyp barylýar. Oba hojalyk işgärleriniň döredijilikli işlemegi, öndürijilikli zähmet çekmegi, halal baýamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň

pudagara utgaşdyryjysy Amanmyrat Gaýypow.

Degişli Habarlar