TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Döredijilikli zähmete goşandymyz
Döredijilikli zähmete goşandymyz
27.08.2026 Çäk birleşmeler

Döredijilikli zähmete goşandymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň iri we öňdebaryjy pudagy bolmak bilen, onuň çalt depginlerde ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gazçylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin täze kuwwatly awtoulaglar, ýokary öndürijilikli tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Bu bolsa tebigy gazyň akymyny artdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar.

Garaşsyz döwletimizde gazy daşary döwletlere eksport etmekde tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde täze gaz ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna uly itergi berýär.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary döredijilikli zähmet çekýärler. Sürüjilerimiz gaz çykaryjylara zerur ýükleri daşamakda, olary iş ýerlerine gatnatmakda yhlasly zähmet çekýärler. Ulaglar kärhanamyzyň sürüjileri ýurdumyzyň gaz ýataklarynda, tebigy gazyň akymy bilen bagly desgalarynda zähmet çekýän gazçylara hyzmat etmekde ähli tagallalary edýärler. Şeýle tutanýerli alada bolsa müdirligimiziň gaz çykaryjylarynyň ýokary netijeleri gazanmaklaryna ýardam edýär.

Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärlerimize ýakyndan ýardam berilýär. Olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda uly tagallalar edilýär. Öňdebaryjylarymyz höweslendirilýär. Şeýle aladalarymyz kärhanamyzda gowy görkezijileriň gazanylmagyna öz täsirini ýetirýär.

“Marygazçykaryş” müdirliginiň 4-nji tehnologik ulaglar kärhanasynyň 

kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy  Wepa Akgajykow.

Degişli Habarlar