2026-njy ýyl “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan - Bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşunyň we beýik geljeginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem, şu ýylymyz şanly toýumyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýyly. Şeýle şanly ýylda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler hakynda beýan etmek buýsanjymyzy goşalandyrýar.
Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlerimizden, geçilen menzilleriň her ädiminiň, ýurduň ykbalyny kesgitleýän özgertmeler bilen birlikde, halkyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak işi yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistan ýurdumyz garaşsyzlygyny almagy bilen 1991- nji ýylyň 27-nji oktýabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Konstitusion kanuny bilen başlandy. Bu resminama täze döwletiň syýasy we ykdysady özbaşdaklygyny kanun taýdan berkidip, täze milli kanunçylyk ulgamynyň düýbüni tutdy. Döwletiň we jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda, ykdysady, syýasy we sosial ulgamlary düzgünleşdirýän täze kanunlar şol sanda Raýat, Jenaýat, Zähmet kodeksleri hem-de salgytlar, telekeçilik daşary syýasat we Halkara ynsanperwer hukuk namalary işlenilip taýýarlanyldy.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanylýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan ýurdy öz halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däplerine we Halkara ynsanperwer kanunyna laýyklykda hereket edýär. Ýurtda ilkinji nobatda mätäç çagalara we tebigy hadysalardan ejir çeken goňşy döwletlere kömek bermek esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Halkara ynsanperwerlik hukuklaryna görä, bu kömek adamkärçilik, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk we adalatlylyk ýörelgelerine
esaslanýar 2026-njy ýyldaky BMG-nyň Global synyna görä, global krizisler we howanyň üýtgemegi sebäpli dünýäde 239 miliýondan gowrak adam gyssagly goldawa mätäçdir.
2026-njy “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistan Halkara ynsanperwerlik kömegini esasan Owganystana we Eýran Yslam Respublikasyna iberdi. Bu işler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç Haýyr sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyryldy.
Eýran halkyna ilkinji nobatda çagalara niýetlenilip derman serişdeleri, lukmançylyk harytlary, egin-eşikler we azyk önümlerini ugratdy.
Owganystana – dostlukly we goňşuçulyk gatnaşyklary esasynda, zerur bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary yzygiderli iberildi.
Eziz watanmyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”! Sebäbi Garaşsyzlyk millete erkana ýaşamaga, gözel tebigatyna we tebigy baýlyklaryna, ata-babalarynyň ruhy siňen mukaddes topragyna, özboluşly ruhy dünýäsine, milli gymmatlyklaryna eýe bolmaga özüniň maddy we ruhy güýjüni, ilkinji nobatda, öz bähbitleri üçin peýdalanmaga, öz islegine laýyklykda dost - goňşy tutunmaga, halkara gatnaşyklaryna aýratyn bir döwlet hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Men hem şu pursatdan peýdalanyp Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we bütin türkmen halkyny ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk oýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gutlamak bilen Türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan gahryman arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işler elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Gülälek Mämmedowa