Düýn Mary welaýat häkimliginiň “Bagt Köşgi” toý dabaralary merkeziniň toý zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden “Müdimi Senadyr ene hüwdüsi” atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kämil eserinde “Kiçilikde ynsan üçin ene hüw-disinden ýakymly owaz, söz hem saz ýokdur” diýen sözlerinden ruhlanyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, YUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan, zenan mährinden paýhasyndan dörän hüwdileri dünýä ýaýmak, hüwdi aýtmak medeniýetiniň ýerli aýratynlyklary bilen bagly kämil nusgalaryny halk köpçüligine ýetirmek, çaga kalbyna irki ýaşdan watançylygyň we milliligiň naýbaşy ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, maşgala mukaddesliginiň binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlarda edep-ekramyň, halallygyň, päkizeligiň, asyllylygyň hem-de at-abraýly bolmak edebiniň kämil mekdebini kemala getirmek maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalşyklarynyň
Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni
Täzegül Annamuhammedowa