Garaşsyzlyk bilen galkynyp, beýik maksatlara ýeten halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik özgertmelerine guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. 35 ýyl mundan ozal gazanylan mukaddes Garaşsyzlygymyz Watanymyzyň syýasy taýdan kämil, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine giň şertleri döretdi. Çünki Garaşsyzlyk diňe bir ata-babalarymyzyň wysal bolan arzuwy däl, eýsem, halkymyzyň ykbal paýydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletiň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Garaşsyzlygymyz abadan durmuşymyzyň, bagtyýarlygymyzyň gözbaşydyr. Taryh üçin onçakly uzak bolmadyk geçen 35 ýylyň dowamynda parahatçylyksöýüjilikli syýasaty, ösen ykdysadyýeti, täze mazmunly baý medeniýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda öz mynasyp ornuny berkiden Watanymyzda sebit we dünýä ähmiýetli ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi.
Ýurdumyzyň älem giňişligindäki at-abraýy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna, many-mazmunyna has aýdyň düşünmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikleri, beýik zähmet ýeňişlerini gazanýan halkymyz döredýär, gurýar, toý-baýramlary agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde belleýär. Halkymyz her bir şanly senäni ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşy alýar. Ynha, şu ýyl hem şanly toýa barýan halkymyz Garaşsyzlyk ruhy bilen ýaşaýar we bu şöhratly baýramy ýokary derejede bellemäge uludan taýýarlyk görýär.
Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamyny ödemek maksady bilen ösüş-özgerişliklere beslenip, bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky işlere öz goşandymyzy goşarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň
Geňeşiniň başlygy Gülnar Annaýewa.