“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny şan-şöhratlylyk hem-de zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Türkmenistan diýarymyzda baýramçylyk dabaralary barha giň gerim alýar. Mukaddes berkararlygyň, agzybirligiň we çäksiz buýsanç duýgularynyň kalplara joşgun paýlaýan häzirki bagtyýar zamanamyzda, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda hem toý şowhuny belentden ýaňlandy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu aýdym-sazly dabara Sakarçäge etrap häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sakarçäge etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylyň içinde ýurdumyzyň gazanan belent sepgitleri, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik özgerişikler buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Şatlyga beslenen bu dabaraly çäre etrap medeniýet öýüniň aýdym-saz toparlarynyň, bagşy-sazandalarynyň hem-de ýerli sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-saz, Milli Garaşsyzlygymyzy, eziz watany we il-günimiziň parahatçylygyny wasp edýän çykyşlar baýramçylyk ruhyny has-da ýokarlandyrdy. Dabara gatnaşyjylar halkymyza parahat, bagtyýar we il-günümiziň abadan durmuşyny üpjün edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny we minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
TKA-nyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň
başlygy Orazgül Abdyýewa.