Etrap häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda Wekilbazar etrabynyň “Amaşaly” toý dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk- baky bagtyň gözbaşy ” ady bilen aýdym-sazly çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazly gülküli sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.
Garaşsylyk. Özbaşdaklyk. Erkinlik. Asudalyk. Bu jümleleri biri-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Bu sözler ynsan kalbyny rahatlyga besleýär. Ertirki bagtyýar günlere bolan ynamy döredýär. Ata Watanymyzyň täze taryhy, häzirki ösüşlerimiz we üstünliklerimiz Beýik Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Çünki, Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnynda ak gün bolup dogdy, pederlerimiziň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilik berdi. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge şert döretdi.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz döwletimizde ençeme beýik işleri durmuşa ornaşdyryldy we türkmen halkynyň at-owazasy belende galdy.
Çärä gatnaşyjylar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýtdylar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwladylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap
birleşmesiniň kätibi Dünýägözel Öwezowa