TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Garaşsyzlyk- milli buýsanjymyz!
Garaşsyzlyk- milli buýsanjymyz!
25.09.2026 Çäk birleşmeler

Garaşsyzlyk- milli buýsanjymyz!

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Ýurdumyzyň älem giňişligindäki at-abraýy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna, many-mazmunyna has aýdyň düşünmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikleri, beýik zähmet ýeňişlerini gazanýan halkymyz döredýär, gurýar, toý-baýramlary agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde belleýär. Halkymyz her bir şanly senäni ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşy alýar. Ynha, şu ýyl hem şanly toýa barýan halkymyz Garaşsyzlyk ruhy bilen ýaşaýar we bu şöhratly baýramy ýokary derejede bellemäge uludan taýýarlyk görýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Goý, Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy ebedi, asmanymyz asuda, tugumyz belentde bolsun! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy gutly bolsun!

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni Owadan Muhammetdurdyýewa.

Degişli Habarlar