TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Garaşsyzlyk – Ylym-bilimiň we ösüşiň berk binýady.
Garaşsyzlyk – Ylym-bilimiň we ösüşiň berk binýady.
24.09.2026 Çäk birleşmeler

Garaşsyzlyk – Ylym-bilimiň we ösüşiň berk binýady.

Garaşsyzlyk- halkyň öz ykbalyny öz eli bilen kesgitlemäge milli döwletliligi berkitmäge we geljegini gurmaga mümkinçilik berýän beýik gymmatlykdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gazanylmagy halkymyzyň taryhynda täze eýýamyň başlangyjy boldy. Bu mukaddes baýramçylyk her bit türkmen raýatynyň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär.

      Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Täze okuw mekdepleriniň gurulmagy, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna giň mümkinçilik döredýär. Häzirki zaman okuwçysy we talyby diňe bir kitapdan bilim almak bilen çäklenmän, eýsem elektron çeşmelerden, sanly okuw platformalardan we täze tehnologiýalardan peýdalanyp, öz bilimini yzygiderli kämilleşdirýär.   

     Esasan-da, ýaş nesliň bilimli bolmagy ýurduň geljegi bilen berk baglanyşyklydyr. Bilimli ýaşlar täze pikirleri öňe sürüp, ylmy barlag işlerine gatnaşyp, sanly ykdysadyýetiň, lukmançylygyň, oba hojalygynyň, energetikanyň we beýleki pudaklaryň ösmegine goşant goşup bilerler.

     Garaşsyzlyk bize milli mirasymyzy öwrenmäge we ony dünýä ylmy bilen utgaşdyrmaga hem giň ýol açýar. Türkmen halkynyň baý taryhy, medeniýeti, dili, edebiýaty we däp-dessurlary ýaş nesliň terbiýesinde möhüm çeşmedir. Milli gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmek bilen bir hatarda, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek hem jemgyýetimiziň ruhy we intellektual ösüşine hyzmat edýär.

     Garaşsyzlyk – bu diňe bir döwletimiziň erkinligi däl, eýsem ylymly, bilimli we döredijilikli nesilleriň geljegidir. Garaşsyzlyk – munuň özi Döwlet nyşanlarynda: ýurduň tugunda , senasynda, tugrasynda beýanyny tapan mukaddes gymmatlykdyr.

    Garaşsyzlyk – munuň özi asuda saba-säherlerdir, abadan gijelerdir.

    Garaşsyzlyk ösüşleriň baş we möhüm kepilidir.

 

Mary şäheriniň 40-njy çagalar-bakja

bagynyň KA-nyň başlygy T. Toýçyýewa

Degişli Habarlar