Gyz-gelinlerimiziň dünýäsini bezeýän millilik diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyza syýahata gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň milli lybaslarymyzy, sünnälenip ýasalan şaý-seplerimizi haýrangalyjylyk bilen synlamagy bizi diýseň buýsandyrýar. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çärelerde ýaýbaňlandyrylýan milli gymmatlyklarymyzyň, el işlerimiziň, kümüş şaý-seplerimiziň sergisi hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Gözüňi dokundyrýan bu gözellikleriň her biri egsilmez baýlykdyr.
Enelerimiziň gürrüň bermegine görä, Beýik Watançylyk urşy döwründe-de merdana gelin-gyzlarymyz milli el işleri, şaý-sepleri bilen duşmany gaýtarmaga ýardam edipdirler. Dünýäde arzylanylýan milli gymmatlyklarymyzyň gadyryny bilmek, olary sarpalamak hem-de nesillere ýetirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şol borç duýgusy bolsa ata-babalarymyzdan miras galan milliligimize bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar.
Zähmetsöýer zenanlarymyzyň on barmagyndan döreýän milli el işlerimizi dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň işgäri Güljemal Akmyradowa.