TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
25.08.2026 Çäk birleşmeler

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

«Geňeşli il — döwletli il» diýen dana pähim halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň çuň köklere eýedigini görkezýär. Bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty şol milli däpleri döwrebap görnüşde dowam etdirýär. Ýurdumyzda döwlet ähmiýetli meseleleriň halkyň wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülmegi jemgyýetimiziň jebisligini has-da pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar». Berkarar döwletimiziň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginde möhüm orun eýeläp, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän döwletlilik däplerini dabaralandyrýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl ýurdumyzyň taryhynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýan ýyllaryň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek, ilatyň pikirlerini nazara almak, beýleki ýüztutmalara garamak we hasaba almak... — bularyň ählisi halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ugur alýar. Şonuň üçinem ýetip gelýän umumymilli forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralary bilen sazlaşyp, ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlejek taryhy waka bolar. Onda aýdyljak pikirler, öňe sürüljek teklipler, kabul ediljek çözgütler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny has-da berkitmäge hyzmat eder.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň maglumat tehnologiýalary (IT) 

boýunça esasy hünärmeni Gazakow Resul  

Degişli Habarlar