TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Hukuk ulgamyny ösdürmek.
Hukuk ulgamyny ösdürmek.
25.08.2026 Çäk birleşmeler

Hukuk ulgamyny ösdürmek.

  

   Hemmämize mälim bolşy ýaly şu ýylyň 24-nji iýulynda  BMG- nyň Baş assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň Başlangyjy esasynda hödürlenilýän 2028-nji ýyl Halkara Hukuk ýyly diýen kararnama bir agyzdan kabul edildi.

    BMG – niň baş assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly  diýip yglan etmek baradaky kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky özara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen döwlet baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlendi. Hususanda 2028-nji ýylda Halkara Hukuk Ýyly ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa toplumlaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen 2026-2028-nji ýyllar üçin milli hereketler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.  Bu meýilnamany işläp taýýarlamak,  onuň çärelerini utgaşdyrmak we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek  üçin ýurduň degişli Ministrlikleriniň  Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Ylymy edaralarynyň wekillerinden ybarat bolup durýar. Pudagara iş toparyny döretmek maksada laýyk hasaplanylýar. Milli hereketler  meýilnamasynda Türkmenistanda we Daşary  ýurtlarda geçiriljek syýasy  diplomatik  ylymy  amaly Bilim medeni we maglumat  çärelerini olaryň  möhletlerini  ýerine  ýetiriji  edaralaryny hem-de garaşylýan  netijelerini  kesgitlemek  göz öňüne tutulýar. Şunuň bilen birlikde  Halkara Hukugy we Türkmenistanyň  hemişelik  Bitaraplygy atly Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony BMG-nyň  resminamasy hökümünde BMG-nyň agza Döwletleriň arasynda  ýaýratmak teklip edildi.  Şeýle hem,  2026-2028-nji ýyllaryň  dowamynda Milli we Halkara bilermenleriň  gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halkara Hukugyny dürli meselelerine bagyşlanylýan sebit we halkara maslahatlary hem-de duşuşyklary  geçirmek  baradaky  teklipler  beýan  edildi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen  ýaýbaňlandyrylýan  Hormatly  Prezidentimiziň  baştutanlygynda  üstünlikli   dowam   etdirilýän  giň   gerimli   özgertmeler  hil   taýdan  täze  derejä  çykaryldy.  Ýurdumyzyň  durmuş-ykdysady  taýdan  okgunly  ösmegi  bilen bir hatarda,  hukuk,  dünýewi  döwleti, adalatly  raýat  jemgyýetini  gurmagyň  pugta  binýady  hökmünde  demokratik  ýörelgeler hem  yzygiderli   pugtalandyrylýar.  Türkmenistan  ýurdumyz  hukuk  döwletidir.  Ýurdumyzda  milli  kanunçylygy  ösdürmäge  we  kämilleşdirmäge   örän  uly  ähmiýet  berilýär.   Kanunlar  jemgyýetçilik  gatnaşyklaryny  kadalaşdyrýan  guraldyr.   Olar  näçe  kämil  bolsa   jemgyýet  hem  şonça sagdyndyr.

 Hormatly  prezidentimiziň  yzygiderli  tagallalary  bilen  Türkmen  halky  üçin  döredilýän  şertleriň  gadyryny  bilmek,  hözirini  görmek  bagtdyr.  

2026-njy ýyl “ Garaşsyz  Baky  Bitarap -Türkmenistan  bedew batly – at myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň ösüşleriniň,  halkymyzyň  bagtyýar  durmuşynyň  we  beýik  geljeginiň aýdyň   beýanydyr.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň agzalarynyň durmuş-zähmet

 hukuklaryny goramak boýunça bölümi, müdir  Saparow Atabaý

Degişli Habarlar