TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Hünärli nesil — röwşen geljek
Hünärli nesil — röwşen geljek
09.10.2026 Çäk birleşmeler

Hünärli nesil — röwşen geljek

Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşigi yglan etdiler.

Ýakynda Mary şäheriniň Gowşuthan köçesiniň ugrunda ýerleşýän toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň şäher-etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň toparlary gatnaşdylar. Toý mekanynyň sahnasynda guralan milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän sergi hemmeleriň ünsüni özüne çekdi, aýratynam, ol okuwçy gyzlarda uly täsir galdyrdy. 

Bäsleşige gatnaşýan okuwçy gyzlar terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny görkezmek, Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp, el işlerini ýerine ýetirmek we Milli Liderimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitaby boýunça unaş kesmek, tagamyň taýýarlanylyşyny çeper sözler, aýdyşyklardyr nakyllar arkaly beýan etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler.

Netijede, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezip, has tapawutly çykyş eden gyzlar gurnaklarynyň toparlary öňe saýlandylar. Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň «Gunça» gyzlar gurnagynyň topary 1-nji, Türkmengala etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň «Gunça» gyzlar gurnagynyň topary 2-nji we Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň «Dürdäne» gyzlar gurnagynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere welaýat baş bilim müdirliginiň I derejeli diplomlary hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlarydyr höweslendiriji baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 1-nji orna mynasyp bolan topar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Mary şäher söwda, alyjylar jemgyýetleri

we telekeçilik ulgamynyň kärdeşler

arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň

Geňeşiniň başlygy, TZB-niň welaýat bölüminiň

kätibi Bibihatyja Hatamowa.

Degişli Habarlar