Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşuly neslimize uly hormat-sarpa goýulýar. Ata Watanymyzda her bir tutumly işler ýaşulularymyz bilen maslahatlaşylyp alnyp barylýar. Bu barada halk arasynda “Ulusyny sylan beg bolar”, “Ula — hormat, kiçä — hezzet”, “Ula degen uwlar, kiçä degen uýalar”, “Ula salam ber, kiçä — kelam”, “Ulusy bolmadygyň, kiçisi bolmaz” ýaly parasada ýugrulan jümleler bar. Ýurdumyzda her bir tutumly işiň başy başlananda aksakgal gojalara sala salynýandygy, kümüş saçly eneleriň öwüt-ündewlerine eýerilýändigi, il sylagly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň ençemesine hormatly atlaryň dakylýandygy, sowgatlaryň gowşurylýandygy hemmämizi buýsandyrýar.
Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilip, 1990-njy ýyldan bäri her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara gününiň ýaş nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, Watana wepalylygy terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.
Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine, däp-dessuryna, edim-gylymyna, türkmeniň milli aýratynlyklaryna sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Munuň üçin il sylagly ýaşulularymyzyň, ýüzleri nurana eziz enelerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary egsilmezdir.
Ajap zamanamyzda il sylagly ýaşuly neslimize hemişe sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň
guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri,
Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň
Mary şäher Geňeşiniň başlygy Oguldursun Kamarowa.