TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “ILKINJI JAŇ” KAKYLDY
“ILKINJI JAŇ” KAKYLDY
01.09.2026 Çäk birleşmeler

“ILKINJI JAŇ” KAKYLDY

Şu gün ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Bu ajaýyp baýramçylygy bellemek hem-de täze okuw ýylyna gadam basmak üçin talyp ýaşlaryň ençemesi ýaşyl baglyga bürenen institutyň howlusyna üýşdüler.

Ylaýta-da, bu gün instituta ilkinji gezek gadam basýan birinji ýyl talyplaryny has-da tolgundyrdy. 

Ir säher bilen institutyň howlusynda täze okuw ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Monjuk deýin düzülen hatarlarda ýüzleri şatlykdan doly talyp ýaşlar Döwlet senasyny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Ondan soň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.

Şowhunly dabaranyň barşynda ajaýyp gutlag sözlerine giň orun berildi. Baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş edenler talyplara täze okuw ýylynda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwladylar. Kalplary joşdurýan bu baýramçylyk dabarasynda institutyň uçurymlarynyňdyr birinji ýyl talyplarynyň ýürek buýsançlary diňlenildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, şowhunly tanslar talyp ýaşlaryň göwnüni al-asmana göterdi.

Buýsançly dabarada 1-nji ýyl talyplara talyplyk şahadatnamasy we institutyň simwoliki açary gowşuryldy. Onuň yz ýanyndan talyplar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler. Şunlukda, ilkinji jaňyň sesi ýaňlandy we talyp ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly ilkinji sapaga gatnaşdylar. Şeýle ajaýyp dabaralar ähli mekdeplerde-de uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bu gün aýratyn-da 6 ýaşly birinji synpa gadam basan körpelerimiz üçin ýatdan çykmajak gün boldy. Çünki, olar bilim ojagyna ilkinji gezek gadam basyp, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgadyna eýe boldular.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Mary welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Parahat Haşymow.

Degişli Habarlar