Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2-nji sentýabrda ýurdumyzda 2027-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymyna başlamaga beren ak patasy esasynda şu gün Mary welaýatynyň edermen “ak altyn” ussatlaram il arasynda hormatlanylýan ýaşulularyň bismillasy bilen ýetişdirilen bol, bereketli pagta hasylyny ýygnamak işine guramaçylykly girişdiler.
Toprakdan dür öndürýän ussat pagtaçy daýhanlaryň durmuşyndaky şu gyzgalaňly hem-de jogapkärli pagta ýygymy möwsümine girişilmegi mynasybetli ilki bilen Mary welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda ýörite geňeş maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, welaýatyň etraplarynyň, şäherleriniň häkimleri, häkimleriň orunbasarlary, welaýatyň edara – kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, ussat kärendeçiler, hormatly ýaşulular, Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda welaýatyň pagta meýdanlarynda ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny gysga möhletde, zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmakda welaýatyň pagtaçy daýhanlarynyň, ýer eýeleriniň öňlerinde durýan möhüm wezipeler birin – birin ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekerançy daýhanlarymyza tehnika, tohum, dökün, suw babatynda berýän bimöçber ýardam – goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabara gatnaşanlar Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, bu ýerdäki halkymyzyň geçmiş taryhyna degişli muzeý gymmatlyklary, Mary welaýat kitaphanasynda bolsa täze neşir edilen kitaplar bilen tanyş boldular. Soňra maslahata gatnaşanlar welaýat derejesinde pagta ýygymyna girişilýän ýer bolan welaýatyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň “ak altynly” atyzlarynyň gyrasyna bardylar. Dabara gatnaşanlar pagtaçylaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altynly” atyzlary höwes bilen synladylar. Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp beren kuwwatly hem ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlarynyň, kuwwatly traktorlarynyň, ýük awtoulaglarynyň “ak altynly” atyzlara ýaraşyk berip duran uzyn hatary hormatly ýaşulularda aýratyn buýsanç duýgusyny döretdi. Ýokary iş öndürijilikli bu pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny gysga möhletde hem-de zaýasyz ýygnap almakdaky ýokary mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanşan, billeri ak fartukly hormatly ýaşulular, daýhanlarymyza toprakdan bol hasyl almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler
Döwletimiziň hemişelik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygynyň giňden toýlanylýan ýylynyň pagta hasylynyň ýygymyna bisimilla bilen başlap beren hormatly ýaşulularyň bu asylly hereketine hemmeler işjeň goşuldylar. Pagtaçy gyzlar hasyl ýygymyny giňden ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, welaýatyň bol hasylyny güjeňläp duran “ak altynly” atyzlarynda daýhan zähmetiniň joşguny emele gelip, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymy giňden badalga aldy. Bereketli altyn güýzüň başynda atyzlarda göýä ak gunduz ýaly bolup açylan pagta hanalary bu günki dabara gatnaşýanlaryň begenç – buýsanjyny ýene bir gez artdyrdy. Welaýatyň bagtyýar ilaty hem-de edermen pagtaçy daýhanlary üçin hakyky baýramçylyga öwrülen bu günki dabarada welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň teatrlaşdyrylan çykyşy hemmelere ruhy lezzet berdi. Ýerine ýetirilen aýdymlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ýyl – ýyldan ösüşleriň täze belentliklerine çykýan asuda,erkana Watanymyz, Diýarymyzyň hemişelik Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 35 ýyllyk şanly baýramçylygy, “ak altyna” deňelýän ak pagta, pagtaçylaryň päk zähmeti, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň il – halk, döwlet hem-de bütin adamzat bähbitli rowaç işleri, dünýä nusgalyk başlangyçlary belent joşgun bilen wasp edildi. Dabarada welaýatyň iň saýlama tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren joşgunly tanslary giň,bereketli ekinzarlyga ýaň salyp, dabara gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Bu ýerde Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň işgärleriniň hem-de Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen tejribe-okuw maslahatynda hünärmenler çykyş edip, möwsümde ýygym tehnikasynyň,beýleki kämil tehnologiýaly oba hojalyk mehanizmleriniň saz,ýokary öndürjilikli işledilmegi dogrusynda öz gymmatly maslahatlaryny berdiler. Dabarada Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň hem-de Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri wagyz – nesihat çäresini geçirip, hasyl ýygymyna gatnaşýan mehanizatorlary ýygym möwsüminde ýol hereketiniň kadalaryny, ýangyn howpsuzlygyny doly we dogry berjaý etmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrdylar. Bu gün welaýatda hasyl ýygymyna girişilmegi mynasybetli guralan dabaranyň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, hakyky baýramçylyk görnüşi emele getirilipdir. Welaýat oba senagat toplumynyň gaýtadan işleýji edara – kärhanalarynyň öndüren dürli azyk, çörek we gök, bakja, miwe önümleriniň bu ýerde guralan giň sergisi bazarlarymyzda döredilen azyk bolçulygynyň aýdyň alamaty bolup, dabara gatnaşýanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Amaly – haşam sungatyna, senetçilige degişli işleriň, muzeý gymmatlyklarynyň, nepisden – nepis haly we haly önümleriniň, ene – mamalarymyzyň on barmagynyň gudratyndan dörän el işleriniň, daýhançylykda ulanylýan iş gurallarynyň sergileri-de özüniň köp öwüşgünliligi bilen hemmeleriň ünsini özüne çekdi. Dabarada edilen çykyşlarda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli gutlag sözleri aýdylyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli ýokary götermek ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna alkyş sözleri beýan edildi.
TKA-nyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy Orazgül Abdyýewa.