TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Millilik nesil terbiýesiniň özeni
Millilik nesil terbiýesiniň özeni
09.10.2026 Çäk birleşmeler

Millilik nesil terbiýesiniň özeni

Etrabymyzdaky 16-njy orta mekdepde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda “Millilik — nesil terbiýesiniň özeni” atly wagyz-nesihat çäresini guradylar. Oňa atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri, mugallymlar, etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.

Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Gunça Welsähedowa, TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Nartäç Hommaýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Güljan Şabasanowa, etrapdaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy Maýsa Kaýumowa çykyş etdiler. Olar milliligiň türkmeniň ganyna siňen ýokary gymmatlykdygy, merdana we parasatly ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlarynyň gadyr-gymmaty dogrusynda gürrüň etdiler. Türkmen gyz-gelinlerine salyhatlylygyň, asyllylygyň mahsus bolup, okuwda, işde we maşgalada türkmen zenanlarynyň edep-terbiýesi dogrusynda durup geçdiler.

TKA-nyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň başlygy

 Ýeňiş Nurmyradow.

Degişli Habarlar