TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Möhüm meseleler maslahatlaşyldy
Möhüm meseleler maslahatlaşyldy
01.09.2026 Çäk birleşmeler

Möhüm meseleler maslahatlaşyldy

Golaýda Mary şäher iç keselleri hassahanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony welaýat saglygy goraýyş müdirligi TZB-niň welaýat bölümi, TGÝMJ-niň welaýat bölümi, TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurady. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Bu çäre zenanlaryň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmegiň hem-de inçekeseliň öňüni almakda habarlylygy ýokarlandyrmagyň meselelerine bagyşlanyldy. Duşuşykda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa, welaýat kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bölüm müdiri Aýna Babakulowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, olar inçekeseliň öňüni almakda ilatyň habarlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň we öňde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri,

Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň ilkinji  guramalarynyň başlyklarynyň Mary şäher  geňeşiniň başlygy Oguldursun Kamarowa

Degişli Habarlar