TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär
Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär
31.08.2026 Çäk birleşmeler

Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garagum etrabynyň kärendeçileri 20 müň 400 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylyny kemala getirdiler. Ýetişdirilen hasyly çalt hem isripsiz ýygnamak maksady bilen, etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlaryny möwsüme taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlaryň 33 sanysy iki iş çalşygynda işlediler. Etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda dürli görnüşdäki tehnikalary, gurallary ýygym möwsümine taýýarlamakda işçi-hünärmenleriň 80-e golaýy öndürijilikli zähmet çekýär. Pagta ýygymyna guramaçylykly taýýarlyk işleri bilen bilelikde, şu günler etrabyň hasyl ussatlarynyň 48 müň 900 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyryp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barjakdyklaryna ynam döredýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň
başlygy Gandym Orazow.

Degişli Habarlar