Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşigi yglan etdi.
Ýakynda welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda welaýat zenanlar bölüminiň guramagynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň şäher-etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar halk döredijiliginiň gadymy görnüşi bolan hüwdiniň döreýşi, taryhy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndaky hüwdi bilen baglanyşykly maglumatlar, hüwdiniň çaga terbiýesindäki ähmiýeti barada täsirli gürrüň berdiler. Şeýle hem bäsdeş zenanlar ata-babalarymyzdan müdimi miras galan hüwdüleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Netijede, emin agzalary bäsleşikde zenanlaryň çykyşlaryna mynasyp baha berip, ýeňijileri yglan etdiler. 1-nji orna welaýat halk döredijilik merkeziniň orkestr toparynyň aýdymçysy Gülnabat Atdaýewa, 2-nji orna Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň sazanda artisti Ogulkeýik Esenowa, 3-nji orna bolsa Ýolöten etrabynyň «Älemgoşar» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Ýazjahan Allaberdiýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
1-nji orny eýelän Gülnabat Atdaýewa bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşiň ahyrynda welaýatymyzyň mahmal owazly zenan aýdymçylarynyň şirin aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni
Owadan Muhammetdurdyýewa