TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy
26.08.2026 Çäk birleşmeler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän ýyly aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi taryhy-medeni, syýasy, ruhy-aňyýet nukdaýnazaryndan gaýtalanmajak bitewüligi emele getirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Döwletliligiň, bagtly durmuşyň sakasynda Garaşsyzlygyň beren miwesi bar.

       Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleri döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň durmuşyna gönükdirilen özgertmeler esasynda beýik maksatlara, belent sepgitlere ýetilýär. Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny doly goldaýar, olar boýunça anyk işlere badalga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmegiň ýolundaky umumyadamzat bähbitli nusgalyk işlerinden habar berýär.

      Özgertmeler, toý-baýramly günler göwünlere ganat baglap, durmuşymyza aýratyn many-mazmun çaýýar. Milli ykdysadyýetde, bilim ulgamynda we beýleki pudaklarda gazanylýan oňyn netijeler, täze şäherleriň, obalaryň gurulmagy, halkymyzyň bolelin ýaşaýşy kalbyňy ganatlandyrýar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek, ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar.

     Öz halkyna şeýle eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolamagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimden arzuw edýärin!

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni

Täzegül Annamuhammedowa

Degişli Habarlar