TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna
24.09.2026 Çäk birleşmeler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna

Golaýda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanylyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna müdirligiň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasyny düzýän — “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmekde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli dowam etdirmekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty hakynda täsirli gürrüň edildi.

Dabaranyň dowamynda müdirligiň öňdebaryjy işgärlerine müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

“Marygazçykaryş” müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Begmuhammet Ataýew.

Degişli Habarlar