“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda toýlar toýlara ulaşýar. Bu günki gün halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyza buýsanýar we şanly toýy uly dabaralara besleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna ruhubelentlik bilen barýan günlerimizde ýurdumyzda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň baýramçylyk joşguny has-da goşalanýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere bedew batly gadamlar bilen barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly hem şanly ösüşlere, belent üstünliklere beslendi. Şu ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler sanardan juda kändir. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşler bilen dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Bagtyýar ildeşlerimiz her bir güni mähir-muhabbet, ýagşy arzuw-niýetler bilen garşy alýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzda ýagşy arzuwlar , maksatlar bilen başlanan her bir iş bolsa üstünliklere beslenýär.
Garaşsyzlygymyza eýe bolup, döwletimiziň galkynan, halkymyzyň begenen güni bagtyýarlykdyr. Şeýle bagtyýarlyga eýe bolmak, berkarar Watanda ýaşamak biziň her birimizi buýsandyrýar. Şonuň üçin hem biz döwrebap ösüşlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik ýoluny görýäris. Bu ýyllarda 35 ýyllyk şan-şöhratly ýol-berkararlygyň, döwletliligiň berk binýady kemala geldi. Ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýyllyk arzuwy hasyl boldy. Çünki bu baýramçylyk jebisligiň, asudalygyň, döwletliligiň baýramydyr.
Häzirki günlerde halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna uly ruhubelentlik bilen dabaraly barýar. Toýlary toýlara ulaşýan Watanymyzda türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi asyrlara uzap gitsin! Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy gutly bolsun!
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna ruhubelentlik bilen barýan ildeşlerimiz beýik ösüşleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjyny beýan edýärler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýat birleşmesiniň derňewçisi Bägül Ataýewa