TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Nurana geljegiň binýady.
Nurana geljegiň binýady.
15.09.2026 Çäk birleşmeler

Nurana geljegiň binýady.

Golaýda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna wepaly bolmaklaryna bagyşlanyp geçirilen umumy okuw sapagynyň many-mazmunyny etrabyň orta mekdeplerinde okaýan ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak, düşündirmek maksady bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Mary etrabynyň orta mekdeplerinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrap birleşmesi, Mary etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa mugallymlar, mekdep okuwçylar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri  dogrusynda alnyp barylýan işler, ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, ylymdan ýükli, ösen tehnologik enjamlardan sowatly baş çykarýan adamlar bolup kemala gelmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzy we halkymyzy ösüşiň täze belentlikleri bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Mary etrap birleşmesiniň hünärmeni Maýsa Söýünowa.

 

Degişli Habarlar