Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen ýurdumyzda «II saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adam saglygyny goramak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde ýurdumyzda uly ösüşler gazanyldy.Şeýle hem “Enäni we çagany goramak boýunça” maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegi bolup ol sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrlan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy- kliniki merkeziň açylmagy we işjeň işlemegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.Her bir ynsanyň saglygy onuň ýurdunuň baýlygy bilen deňelýär. Hormatly Prezidentimiz «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýip aýtmak bilen halkymyzyň asuda, parahat durmuşda sagdyn bolup ýaşamaklary üçin uly tagallalar edýär. Gül Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alnyp barylýar. Şol sebäpden hem, ýurdumyzda saglyk üçin niýetlenilen dürli görnüşdäki sport toplumlarydyr, saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berildi. Her ýylyň 7-nji aprelinde «Bütindünýä saglyk güni» uludan bellenilýär. Şonuň bilen birlikde biziň ýurdumyzda-da, bu dünýä möçberinde alnyp barylýan baýramçylygy tutuş türkmen halkymyz hem uly dabara bilen belleýär. Diýarymyzda «Aprel aýy – saglyk aýy» hasaplanylýar. Şol mynasybetli hem bu aýda ýurdumyzyň ähli edaradyr-kärhanalarynda, mekdeplerdir, ýokary okuw jaýlarynda sport çäreleri yzygiderli guralýar.Türkmen topragy müň bir derde em boljak dermanlyk ösümliklere iňňän baýdyr we onda bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratyn bejerijilik ähmiýeti bolup, olar köp ýüzýyllyklaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edipdir. Şolardan düzüminde gymmatly mikroelementler köp bolan türkmen buýany hili we ulanyş sypatlary boýunça dünýäde iň gowularyň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan tabşyryklary berjaý edilip, mundan beýläk-de geljek nesillerimiz üçin ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagy, daşky gurşawyň goralyp saklanylmagy, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň mundan beýläk-de öwrenilmegi üçin dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barlar.Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine çykýar. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak hem-de raýatlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek maksady bilen her bir ynsan özüniň we beýleki adamlaryň saglygy barada alada etmäge borçludyr.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýat birleşmesiniň durmuş-zähmet
hukuklaryny goramak bölüminiň müdiri
Atabaý Saparow