Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun…” diýmek bilen, jan saglygyň ähli zatdan ileridigini ündeýär. Dana şahyrymyzyň ündäp geçişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde, döwletimiz sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.
Saglygy saklamagyň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygyny biz bilýäris. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ilaty bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek hem-de halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, hat-da obalarynda hem döwrebap sport mekdepleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi, ýaş nesillerde sport bilen meşgullanmaga söýgi döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň sportuň saýlap alan görnüşi boýunça meşgullanmagy hem-de islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa, her bir adamyň beden taýdan
sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly ömür dowamlylygyny uzaltmak, bu pudakda halka edilýän hyzmatlary halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar.
“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary şäher Geňeşiniň we Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda bilim işgärleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik guramak bilen ýazky dynç alyş wagtymyzy gyzykly geçirýäris. Geçirilen bäsleşikler örän gyzykly bolup, onda ýeňiji bolan toparlar kärdeşler arkalaşyklarynyň sowgatlary bilen höweslendirildi.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzyň saglygy, oňat ýaşamagy ugrunda uly tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Bizi ýagty geljege sary alyp barýan we her bir günümiziň bagtyýarlyga beslenmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, tutýan döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy,
kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň
başlygy Gurbandurdyýewa Altyngözel