TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / SAGLYK-BAŞ BAÝLYK
SAGLYK-BAŞ BAÝLYK
08.10.2026 Çäk birleşmeler

SAGLYK-BAŞ BAÝLYK

Her ýylyň 10-njy oktýabry Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Ynsanyň iň uly baýlygy saglykdyr. Her bir maşgalanyň sagdynlygy jemgyýetimiziň mizemez binýadyny üpjün edýär, çünki jemgyýet hem uly göwrümli maşgaladyr.

       Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden–göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr.Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly pyragy: “Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr” diýýär. Halkymyzyň edep terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak baradaky edim gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar.

        Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsalynyň mazmuny sport jemlenýär. Sport-saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.

         Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhynda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bagtyýar we ruhy belent ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesini eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler.

           Ýurdymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren, halkymyzyň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada edýän çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlara beslensin!       

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň

kätibi Dünýägözel Öwezowa.

Degişli Habarlar