TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Şanly senä bagyşlanyldy
Şanly senä bagyşlanyldy
22.09.2026 Çäk birleşmeler

Şanly senä bagyşlanyldy

Şu günler türkmen halky hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda baş baýramyna — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzyň bu şanly senesiniň uly toýy ýatdan çykmajak waka bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.

Dabarasy dag aşjak baýramçylyga biziň etrabymyzda giňden taýýarlyk görülýär. Şu buýsançly sene mynasybetli etrap häkimligi TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleri, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda etrapdaky “Bagtyýar türkmen” atly toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, beýik Garaşsyzlygymyzy, ajap eýýamymyzy wasp edýän şirin aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Tansçylaryň şowhunly çykyşlary dabaranyň şatlygyny artdyrdy.

TKA-nyň Garagum etrap birleşmesiniň hünärmeni Aýbölek Beknepesowa.

Degişli Habarlar