TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Taryhy wakalaryň ýyly
Taryhy wakalaryň ýyly
03.09.2026 Çäk birleşmeler

Taryhy wakalaryň ýyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň biri-birinden zyýada gelýän ýyllarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz bedew batly öňe barýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere eýe bolunýar. Şeýle ýeňişli menzillerimiziň badynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda has-da rowaçlanýandygy il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyz ýokary zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenip dowam edýär. Şu günler türkmen halky taryhy waka — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna işjeň taýýarlyk görýär. Şu şanly senäniň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem buýsançly ýylymyzyň taryhy wakasy bolup, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. Häzirki wagtda il-günümiz şan-şöhrata beslenýän ýylymyzyň möhüm wakalaryna taýýarlykly we zähmet sowgatly barmagy maksat edinýär.

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni  Owadan Muhammetdurdyýewa.

Degişli Habarlar