TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / TÜRKMEN-KOREÝ GATNAŞYKLARY ILERLEÝÄR
TÜRKMEN-KOREÝ GATNAŞYKLARY ILERLEÝÄR
24.09.2026 Çäk birleşmeler

TÜRKMEN-KOREÝ GATNAŞYKLARY ILERLEÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda ähli ulgamlar boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä döwletleri bilen ýola goýlan ykdysady, medeni-ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary doly şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz bu saparyň çäklerinde birnäçe dabaralara — “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine, Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Sammitde sebitiň çig mal serişdelerini koreý tehnologiýalary arkaly gaýtadan işlemek, tebigy ýataklary bilelikde özleşdirmek, sanly ulgam, emeli aň, «ýaşyl» tehnologiýalar we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly wajyp ugurlar babatda maslahatlaşyldy. Onuň netijesinde bolsa «Seul Jarnamasy» kabul edildi. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokarydygy, türkmen telekeçileriniň we koreý kompaniýalarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň barha ilerleýändigi bilen bagly çykyşlar Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Munuň özi geljekde döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurtlaryň ykdysadyýetiniň has-da pugtalandyrylmagyna uly itergi berer.

Döwlet saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler hem aýratyn mana eýe boldy. Onda döwletleriň arasyndaky öňden gelýän gatnaşyklar hakynda bellenildi we geljekde ýola goýuljak bähbitli hyzmatdaşlyklar babatynda maslahatlaşyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen bir hatarda döwlet Baştutanymyzyň halkara derejesindäki belent abraýynyň ýokarydygyny hem açyp görkezdi. Has takygy, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimize sebitiň iň gadymy we abraýly bilim ojaklarynyň biri bolan Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi. Bu ýokary akademik ady döwlet Baştutanymyzyň baý syýasy tejribesi, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, şeýle-de, Merkezi Aziýada durnuklylygy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan saldamly goşantlary göz öňünde tutulyp dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny, hormatly Prezidentimize uly hormat-sarpa goýulýandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu sylagy bütin Türkmenistana goýulýan sarpanyň we iki ýurduň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini bildirmegi bolsa türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgeleriniň dünýäde dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Şeýle-de, taryhy wakalara baý bolan saparyň çäklerinde guralan ýokary derejeli Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimize Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge goşan aýratyn hyzmatlary üçin Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Umuman aýdanymyzda, Koreýa Respublikasyna amala aşyrylan döwlet sapary taryhy hem buýsançly wakalara baý boldy. Bu taryhy sapar Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň täze bir belentlige göterilendiginiň we iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze döwre gadam basandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkara giňişligindäki at-abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi, türkmen halkynyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow.

Degişli Habarlar