Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Mary etrap birleşmesi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamaklarynda Mary etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly öwütleri we Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde eden çykyşlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistanyň Halk maslahaty Demokratiýanyň dabaralanmagy» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşuly nesiller, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.
Maslahatda Mary etrap häkimliginiň orunbasary, Mary etrap zenanlar guramasynyň başlygy B. Hojamgulyýewa hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň başlygyklary çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly öwütlerini ýaşlar köpçüligine ýetirmek, ýaşlar barada kararlaryň kanunlarynyň kabul edilendigi barada gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Eziz Watanymyzy şan-şöhratyny arşa galdyrmakda aladalar etýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary etrap birleşmesiniň Baş buhgalteri
Gadam Baýramow