TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Wagyz-nesihat çäresi.
Wagyz-nesihat çäresi.
09.09.2026 Çäk birleşmeler

Wagyz-nesihat çäresi.

Wekilbazar etrap häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Wekilbazar etrap bölümi, Wekilbazar etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda etrabynyň 16-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlap geçiren umumy okuw sapagynyň many-mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek, aňyna ornaşdyrmak, maksady bilen “Baş mekdepsiň ýaş nesliňe Arkadag” duşuşygy geçirildi.

 Onuň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň kätibi Dünýägözel Öwezowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hünärmeni  Oguljahan Orazgeldiýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň esasy hünärmeni Nartäç Hommaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa çykyş etdiler. Maslahatda  Çykyş edenler täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günler Gahryman Arkadagymyzyň bilim işgärlerine, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna geçen umumy sapagynyň many-mazmunyny, sapakda beýan edilen pähim-paýhasa ýugrulan her bir jümle mugallymlara, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna bilim almak ugrundaky  söýgüsiniň mundan beýläkde belent barada gürrüň etdiler. Şeýle hem ýaşlara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.

 Çäräniň ahrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap

birleşmesiniň kätibi Dünýägözel Öwezowa

 

Degişli Habarlar