Wekilbazar etrap häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň bilen bilelikde gurnamaklarynda Wekilbazar etrap häkimliginiň ýygnaklar zalynda “Ýaşlaryň arasynda Garrylar gerek” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Täsirli geçen çärede Wekilbazar etrap häkiminiň orunbasary A.Ý. Muradowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Ş. Nurmyradowyň, J. Atajanow geňeşliginiň hormatly il ýaşulusy B. Hojaberdiýewiň giň mazmunly çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň pähimli-parasatly ýaşulularyna, kümüş saçly enelerine uly sarpa goýulýar. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine,däp-dessurlaryna, edim-gylymyna, türkmen milli aýratynlyklaryna eýerýän Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulylaryň halkara gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Munuň üçin il sylagly ýaşulularymyzyň, ýüzleri nurana eziz enelerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyşlary egsilmezdir Ýaşuly nesilleriň manyly ömri, baý durmuş tejribesi diňe bir öý-ojaklarymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň guwanjy, buýsanjy hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz hem beýik işleriň başyny başlanda ýaşulularymyza sala salýar. Şolaryň maslahatyna eýerýär.
Dabaranyň ahyrynda Ak sakgally ýaşululara, kümüş saçly enelere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çärä gatnaşyjylar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýtdylar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwladylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap
birleşmesiniň kätibi Dünýägözel Öwezowa