TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Yhlasa — myrat
Yhlasa — myrat
08.10.2026 Çäk birleşmeler

Yhlasa — myrat

Altyn güýzüň gelmegi bilen daýhanlaryň iş aladalary has-da artýar. Gallaçylar bugdaý ekişini geçirseler, pagtaçy kärendeçiler gowaça hasylyny ýygnamaga ykjam taýýarlykly geldiler. Her bir kärendeçi bellenilen meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýär.

Ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň esasylarynyň biri hem birkemsiz idegi ýetirilip, ýetişdirilen pagtany ýygnamak we Watan harmanyna tabşyrmak bolup durýar. Sebäbi bu iş pagtaçy daýhanlaryň bütin ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň miwesini görkezýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda welaýatymyz boýunça 162 müň gektar ýerde pagtanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Ekin meýdanlarynyň gyralary arassalanylyp, pagta ýygýan maşynlara päsgelçilik döretmez ýaly çil ýerler tekizlenildi.

Mundan başga-da, ýetişdirilen pagtany wagtynda ýygnamak üçin tehnikanyň güýjüne daýanylýar. Şu günki günlerde pagta ýygym möwsümine tehnikalar doly girişdiler. Şeýle-de, welaýatymyzda bar bolan pagta kabul ediş harmanhanalar, pagta arassalaýjy kärhanalar ýygylan hasyly bökdençsiz kabul edýärler.

Umuman, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýunyň uludan bellenilen ýylynda pagta ýygym möwsümini üstünlikli geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Munuň üçin welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar. Pagta ýygymyna gatnaşýan zähmet ussatlary özleri hakynda edilýän aladalara jogap edip, yhlaslaryny gaýgyrman tutanýerlilik görkezýärler.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň Maglumat howupsuzlygy boýunça esasy hünärmeni Resul Gazakow.

Degişli Habarlar