TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ykdysady ösüşiň ýoly bilen
Ykdysady ösüşiň ýoly bilen
08.10.2026 Çäk birleşmeler

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudagy bolan gaz senagatyny ösdürmekde tutumly işleriň bady artýar. Täze gaz ýataklary senagat taýdan özleşdirilip, gymmatly energiýa serişdesi bolan tebigy gazyň akymy ýylsaýyn ýokarlanýar.

Gaz senagatynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Müdirligimiziň gazçylarynyň paýyna senagat taýdan gaýtadan işlenilip, kemsiz arassalanan tebigy gazyň sarp edijilere ýetirilmeginiň möhüm wezipesi düşýär. Gazçylarymyz dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky tebigy gazy paýlaýjy, onuň akymyny sazlaýjy desgalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Elbetde, bu wezipäniň jogapkärçiligem, ýadawsyz aladasam ýetik. Müdirligimiziň degişli gulluklarynyň gazçylary öz öňlerinde durýan wajyp wezipelere abraý bilen hötde gelýärler. Şeýle yhlas-tagallanyň netijesinde mawy ýangyjy sarp edijileriň bu eşret çeşmesi bilen ygtybarly üpjünçiligi gazanylýar.

Tebigy gazyň akymy bilen iş salyşmak hemişe ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçinem tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine uly üns berilýär. Bu meselede kärdeşler arkalaşygy guramamyz degişli gulluklarymyzyň hünärmenleri bilen degerli işleri geçirýärler. Şeýle hem gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda yzygiderli alada edýäris. Bu bolsa işlerimiziň ilerlemegine ýardam edýär.

“Gündogargazakdyryş” müdirliginiň KA-nyň başlygy  Alty Baýsähedow.

Degişli Habarlar