TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy.
18.09.2026 Çäk birleşmeler

Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň sany barha köpeldi. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen bu çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem guramaçylykly geçirilýändigi hemmämize aýdyň. Ine, bugünki günde hem Sakarçäge etrap Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullygynyň we  etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda, Sakarçäge etrabynyň medeniýet bölüminde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu günki günde eziz diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilen birnäçe maksatnamalarynyň esasynda döwrebap gara ýollaryň müňlerçe kilometrlere uzalyp gitmegi ýaşaýjylaryň howpsuz we rahat ýaşamaklary üçin edilýän tagallalaryň biri. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda, kabul edilýär. Şol sanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysal bolup durýar. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrygynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Ösüp gelýän jemgyýetde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlar durmuşa geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Ak ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagyny arzuw edip, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarys!   

 

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler

arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrabyndaky ilkinji guramalarynyň

başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy Serdar Sapargeldiýew.

 

Degişli Habarlar