TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ýyndamlykda taý bolmaz.
Ýyndamlykda taý bolmaz.
22.09.2026 Çäk birleşmeler

Ýyndamlykda taý bolmaz.

Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzyň welaýatlarynyň häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklarynyň güýzki möwsüminiň açylyş dabaralary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän şanly günleriniň özboluşly bezegi boldy.

Gadymy Mary topragynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşyklary hem şowhunly boldy. Bu döwrebap ajaýyp toplum toý lybasyna beslendi, bezemen toý sahnasynda şanly Garaşsyzlygymyzy, nurana günleri, halkymyzyň bagtyýarlygyny, uçar ganatly bedew atlarymyzyň gözelligini taryplaýan aýdym-sazlaryň owazy alyslara ýaň saldy. 

Bedew janköýerleriniň garaşan tolgundyryjy pursady hem gelip ýetdi. Birinji çapyşyk ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilip, ol 1000 metr aralykda ýyndamdan ýyndamy saýlady. Alty atyň arasyndan Mary döwlet athanasynyň Tarlaň atly dor aty saýlanyp, pellehana ilkinji bolup geldi. B.Sähedowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 11,40 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi K.Garýagdyýew.

1400 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda alty sany üçýaşar bedew güýç synanyşyp, B.Habibowyň hojalyk aty bolan Maýa atly dor gysraga taý tapylmady. Ol bu aralygy 1 minut 41,59 sekuntda geçip ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. 

Üçýaşar atlaryň arasynda geçirilen ýaryşa alty bedew gatnaşyp, 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 2 minut 04,00 sekuntda gelmegi başardy we eýesine ýeňiş getirdi. Atyň seýsi D.Amandurdyýew, G.Ýazberdiýew ata ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.

1800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşyga dört we uly ýaşar atlaryň bäşisi gatnaşyp, Baýramaly şäher häkimligine degişli bolan Ýantar atly dor at öňdeligi eýeläp, pellehana geldi. K.Garýagdyýewiň seýislän, Ý.Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 2 minut 09, 31 sekuntda geçmegi başardy.

Jemleýji, bäşinji at çapyşygyna dört we uly ýaşar atlaryň dördüsi gatnaşyp, olar hem 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda “Deňiz hazynasy” hojalyk jemgyýetiniň aty bolan Toýçy atly mele at bu aralygy 2 minut 03,21 sekuntda geçip, pellehana öň geldi we ýeňiji boldy. Eýesine ýeňiş getiren Toýçy atly aty seýislän Ş.Orazgeldiýew, çapyksuwary B.Gurbanow.

Şeýlelikde, geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere halat-serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew.

Degişli Habarlar