Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge gönükdirilen işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde jemgyýetimizde zähmet gatnaşyklarynyň kadalary kesgitlenendir. Bu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
Gürrüňi edilýän Kodeksiň XVI bölüminde zähmet jedelleri kadalaşdyrylýar. Şu bölümiň 1-nji we 2-nji baplarynda degişlilikde şahsy we köpçülikleýin zähmet jedellerine garamagyň tertibi kesgitlenendir. Kodeksiň 368-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny, ylalaşyklary, köpçülikleýin şertnamany ulanmak meseleleri baradaky zähmet jedellerine zähmet jedelleri baradaky toparlar, kärhanalaryň we olaryň bölümleriniň kärdeşler arkalaşygy edaralary hem-de kazyýetler tarapyndan garalýar. Kodeksiň 369-njy maddasynda kesgitlenilişi ýaly, zähmet jedellerine garamagyň tertibi şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Aýtäç Abdyýewa.