TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ZÄHMET JOŞÝAR “AK ALTYNLY” PELLERDE
ZÄHMET JOŞÝAR “AK ALTYNLY” PELLERDE
09.09.2026 Çäk birleşmeler

ZÄHMET JOŞÝAR “AK ALTYNLY” PELLERDE

Gadymy Mary topragynyň tutanýerli pagtaçylary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 162 müň gektarda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde ýitgisiz ýygnap almak, yrýa etmän Watan harmanyna tabşyrmak örän jogapkärli wezipedir. Gowaça meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalmagy, bu möhüm çäräni geçirmegiň guramaçylyk derejesine bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 28-nji awgustynda geçirilen mejlisinde zähmetsöýer pagtaçylarymyzyň ösdürip ýetişdiren, pagta hasylyny ýygnap, ýokary zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna, olaryň bellenilen sepgitlere ýetjekdiklerine ynanýandygyny nygtap geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz işleriň öz wagtynda, ýokary guramaçylykly ýerine ýetirilmeginiň daýhanlaryň ýadawsyz zähmet siňdirip ýetişdiren hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etjekdigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we il sylagly ýaşululardan pagta ýygymyny “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, pagta ýygymyna girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şäher, etrap häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, oba hojalyk pudagynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda welaýatymyzyň edermen pagtaçy kärendeçileriniň 162 müň gektarda bereketli pagta hasylyny ýetişdirendikleri, ýetip gelen pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin taýýarlykly gelnendigi barada aýdyldy. Şeýle-de, bol hasyl ýetişdirmekde pagtaçy kärendeçilere ýeňillikleriň, zähmet çekmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilýändigi, pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýürek joşgunlaryny beýan etdiler.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow.

Degişli Habarlar