Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli mirasymyzy janlandyrmakda uly işler alynyp barylýar. Toý-baýramyň ýaraşygy bolan ak we gara silkme telpekleri pederlerimiz uly höwes bilen geýipdirler. Derini öz elleri bilen eýläp, taraşlap, biçip tikip sungat derejesindäki başgaby taslapdyrlar. Silkme telpekleri tikýän ussa telpekçi diýipdirler. Kiçijek oglanlardan başlap, ähli ýaşdaky erkek kişiler üçin niýetlenen telpekler milli gymmatlyklarymyzyň biri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Asyrlar geçse-de, özüniň milli egin-eşiklerini saklap galan, ony nesillerine ýetiren halk ýer ýüzünde az bolsa gerek. Pederlerimiziň bize miras goýan şeýle milli geýimleri ençeme ýyldan bäri köpleri gyzyklandyryp gelýär. Kalby gorly, ýüregi nurly halkymyzda arzyly myhmany serpaýlamak däbi bar. Şol serpaýlaryň içinde gonagy silkme telpek bilen serpaýlamak dessury aýratyn bellärliklidir. Başynda telpegi, bilinde-de guşagy barka, türkmen gerçegi hiç wagt peselmändir. Bu häsiýet olara ata-babalarymyzdan geçipdir. Aslynda-ha biz halkymyzy silkme telpeksiz göz öňne getirip bilemzok. Türkmen hiç wagt telpegini kişä beren däldir ýa-da ýere zyňan däldir. Telpekler gara we ak görnüşli bolýar. Gara telpekler garaköli goýnuň, ak telpekler welin, saryja goýunlaryň derisinden tikilýär. Ýyl bereketli gelen wagt 2 aýlyk toklynyň derisini hem telpeklik üçin alsaň bolýar. Eger mal hor bolsa onda 4 aýlyk derejesi telpek tikmäge ýaraýar. Gyşda ýetişen malyň derisi arassa, ak bolýar. Tomusda weli günüň howry ýüňi birneme saraldýar. Hernäçe azap etseň hem ol tebigy saryny deriden aýryp bolmaýar. Ine, şonuň üçin hem ýüňüň reňkine laýyklykda telpek tikilýär.
Telpek-erkek adamlaryň üstiki geýimi, esasy başgaby hasaplanyp, ol deriden sünnälenip tikilýär. Türkmen telpeginiň birnäçe görnüşi bolup.Olar şulardan ybarat:
-Çiş, ýagny belent telpekler.Bu görnüşe degişli telpekler üç nusgadan ybarat bolup, biri-birine gaty meňzeşdirler. Çiş telpekler uzyn ýüňli ak goýnuň derisinden tikilýär. Bu ýagdaý telpegiň kellede ýygnalyp, oňat saklanmagy üçin amatly bolupdyr.
-Telpegiň ikinji görnüşi- ýokarsy tegelek telpekdir. Beýle görnüşli telpekler, esasan, 2 bölege bölünýär. Olaryň bir gürnüşi depesi tegelek bolsa, ikinji görnüşi onçakly tegelek bolmadyk, ýöne belent görnüşinde tikilýän telpeklerdir. Bu görnüşdäki telpeklere içlik köplenç keçeden edilýär.
-Telpekleriň üçinji görnüşi - pessejik we tegelek telpekler bolup, olar goýnuň ýüňünden tikilipdir. Tikilişi boýunça telpekler iki görnüşede bolýar. Olaryň bir görnüşi uzyn ýüňli gara goýnuň derisinden tikilip, içi beýleki telpeklere garanyňda giň bolýar. Biçilende pessejik edip biçilýär. Beýle görnüşli telpek tikilende depesi minara görnüşünde bolýar. Telpegiň beýikligi 17-18 sm, aşagy hem kesige çenli 9-10 sm bolýar. Kellä geýen wagtyň telpegiň gümmez görnüşli depesi 12-13 sm bolupdyr. Beýle görnüşli telpekler kellede berk durýarlar. Pederlerimiz iň gymmatly telpeklere bagana diýip at beripdirler. Beýle telpekler örän ýaş guzylaryň derisinden tikilipdir. 3-4 aýlyk guzylaryň derisinden taýýarlanan silkme telpekler owadanlygy, gelşikliligi bilen tapawutlanýar. Ony ata-babalarymyz buýsanç bilen geýipdirler. Gyşda sowukdan, tomusda epgekden goraýan şeýle telpekleriň hyrydary köp bolupdyr. Taryhymyzda beýik ýüpek ýoly bilen türkmen topragyna gelýän belli täjirler şeýle ygtybarly telpekleri Ürgenjiň, Merwiň, Nusaýyň, bazarlaryndan satyn alypdyrlar. Telpeklik üçin niýetlenen deriniň duzuny gowy ýetirmeli. Çünki duzy gowy ýetmedik derini näçe eýleseň asylky tabyna getirmek juda kyn, derini gowy eýlemek üçin nar gabygy ýa-da arpa ununy suwaldyp çalşybermeli. Bu iş 6-7 gün dowam etdirilýär. Onsaň derini päklik üçin gowy ýuwýarlar, şondan soň deri işlemäge taýýar bolýar. Aýdylşyna görä 1 deriden 2 sany telpek çykarmak mümkin. Halkymyz bu senedini nesilden-nesile geçirip, şu günki güne çenli ýetipdirler. Baryp I jahan urşy döwründe türkmenlere at, telpek salgytlary salynypdyr. Ol döwürde bu salgydyň düýp manysynda düşünesi gelýänem, düşündürjek bolýan hem bolmandyr. Ýeke agyz “soltanlara gerek” diýilipdir. Aslynda bu telpekler duşmana haýbat üçin peýdalanylypdyr. Hut rus patyşasynyň özüniň buýrugy boýunça türkmenlere telpek salgydy salynypdyr. Telpeklere halkymyz tarapyndan uly hormat goýulýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen telpeklerimiz ýaşuly adamlar uly höwes bilen geýýärler. Olardan görelde alýan ýaşlar hem toý-baýramlarda, konsertlerde, milli däp-dessurlara esaslanýan baýramçylyk dabaralarynda bu nepis başgaby uly buýsanç bilen geýýärler. Ýurdumyzy gülledip ösdürýän, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, röwşen geljege alyp barýan, milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegine hem-de goralyp saklanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Mary welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we
medeni-köpçilik işleri bölüminiň esasy hünärmeni
Uzukjemal Baýramowa.